Bildiriş:
Ilki bilen siziñ ýetip gelen 19-njy fewralda uly joşgyn
bilen bellenip geçiljek Baýdak baýramyñyzy
gutlaýarys. Bu babatda Türkiýäniñ Ystambyl şäherinde
bellenip geçiljek baýdak baýramy hakynda size
maglumat berýäris! Okañ 
Talyplar sahypasy size peýdaly bolmagy we şol
sandada bize peýdaly bolmagy başarjak dostlary tanamak,
galyberse-de ol dostlaryñ pikirlerini bu ýerde hödürlemegi
maksat edinýär. Talyplar topary sizden geljek her hili
teklip we tankytlara deñ ýakynlyk bilen garajakdyr!
tekli we tankytlaryñyz üçin aşakdaky E-poçta adreslerine ýüz
tutuñ!
Talyplar sahypasynyñ maksady; her hili temalarda pikirler ýöredip
we şol pikirleri bu sahypanyñ üsti bilen bu ýerde
bir arhiw döretmekdir. Bu nukdaý nazardan, dünýäniñ
dürli künjeginde okaýan türkmen talyplary bilen
aragatnaşyga girip, Türkiýede okaýan talyplar
bilen tanyşdyrmakdyr, bularyñ arasynda bir sep bolmakdyr. Bu
sahypada iñ ýakyn wagtda çep tarapdaky temalar yşygynda
has giñişleýin we has gyzykly makaladyr, dürlü-dürlü
pikirler ünsüñize hödürlener. Häzirlikçe bolanjasy
bilen bazar eýläp bize ýardam bermegiñizi soraýarys.
Talylar
sahypasynyñ hormatly we ilkinji myhmany, köpleriñ agasy, köpleriñ
dosty Amangeldi ( agajan ) bilen geçiren söhbetdeşligimizi
hem size hödürleýäris. Bilşimiz ýaly
Amangeldi, bu işinde ýadamazak, ýaltanmazak,
sowukganly, hoş niýetli we sanasañ sowaby bolmajak
bir näçe oñat häsiýeti özünde jemläp bilen
ýigitligini köpler kabul edýän bolsa gerek.
Onda näme, geliñ bu syrly ýigit hakda okalyñ... 
Medeniýet
bölümimizde Nurmyrat Şadylyýewden Moda
barada
makalany okap bilersiñiz... Bu moda hakda esasanda
ýaşlar
pikirlenýär, köpüsi bolsa dogrysyny aýtmaly
bolsa Modanyñ nämeligi hakda köp zat bilmeýärler.
Bilmeýänler we bilmek isleýänler üçin...
Edebiýat
bölümimizden Gurbannazar
Ezizow
barada we Akmyrat Mätiniñ, Aman Döwletowyñ, şol sanda Döwran
Meredowyñ döredijilikli goşgylaryny okap bilersiñiz! Bu täze
goşgyjy dostlarymyz entek işiñ başynda bolanlygy üçin
siz dostlarymyzdan tankytlara sabyrsyzlyk bilen garaşýar!
Sizem tankyt we teklipleriñizi gysganmañ...
Tehnologiýa
barada Tehnologiýa bölümimizden gysga-gysga
maglumatlary türk dilinde, hökman okañ...
Taryh
bölümimizde Myrat Ilmyratdan Türkmenistanyñ
Bitaraplygy
barada makala, türk dilinde okap bilersiniz...
Suratlar bölümimizden size hödürlän suratlarymyzy
hem görüp bilersiñiz...
Maşgala
we durmyş, ykdysadyýet, sungat we redaktordan bölümimiz
hem ýakyn wagtda siziñ hyzmatyñyza hödürlener...
Myhman depderimize bir zatlar
yazyp bilersiñiz
Myhman depderimize yazylanlary
okap bilersiñiz
|