|
Agajan
bilen söhbetdeşlik... Menem
bir çeper höwesjeñdirin...
D.M.
-Sözbaşy
hokmünde SALOWMALEÝKİM
diýýäaris we janyňyz sag, keýpleriňiz hem diňe
daş bilen bäşdir diýip umyt edip, eger siz hem rugsat berseňiz
söhbetdeşligimize başlamakçy?! Sizi öňden hem azda-kände tanaýandyklary
sebäpli biz gönüden gönü sizden soralmadyk soraglara geçmekçi!
aA. -Waleýkim
es-SALAM! Hemmäňize saglyk we üstünlikler arzuw edýärin. Şu iki
zat köp zady özünde jemleýär. Janymyz sag bolsun we işlerimiz,
okuwlarymyz, ýaşaýyşymyz üstünliklerden doly bolsun. Sizden
geljek soraglary jogapsyz galdyrmajak bolaryn. Aýdyberiň.
-Internet
bilen ilkinji tanyşlygyň nähili boldy, ilki internedi öwrenen wagtlaryň
internetden nähilirak peýdalanýardyň?
-Ilki
internede girmek mümkinçiligi bolanda, men özümiň “habarlar
suwsuzlygymy“ gandyrýardym. Esasan www.kp.ru
we www.mn.ru
adreslerine barmagy halaýardym.
Yahoo-dan e-hat adresini edindim. Internetde her zat gyzyklydy. Öz aramyzda,
hem “Front Page” öwrenýädik, hem-de internet sahypalaryna
öýkünip, web sahypalar taýýarlamagy öwrenýädik.
Öýkünmeklik hem başda gerek. Gowy zada öýkünmeklikden zyýan
gelmezmikä diýýän. Eden-je web sahypalarymyzy biri-birimize görkezip
begenişen bolýadyk. Soň mugt ýerler barada eşitdik. (Mugt
bolsa mümkinçiligi gidermeli däl-ä...
:-)
Ol ýerden hem adres aldyk. Adresi bolsa bilýäňiz: www.agajan.8m.com
.
-Öz www.agajan.8m.com
we www.eyho.8m.com
sahypalaryň maksady näme?
-Ilki bilen www.eyho.8m.com
sahypasy barada. Bu sahypa kalendar şekilinde gurlan. Türkmenistanda bellenilýän
belli günlerden başlap, Türkmenistan bilen baglanyşykly iň gowy
materiallar we maglumatlar ýygnalandyr. Gülmegi halaýanlar üçin
bolsa üsti ýetirilip durýan “gülmelewaçlar” bar. Suratlar
bar...
-Şu
günler şol sahypa girip bolanok...
- Dogry. Onuň sebäbi mendenmi,
serwerdenmi, ýa-da “internet garagollaryndanmy” bilemok. Eger sahypa
bozup keýp alýanlar bar bolsa, onda olara maslahat:
bozup ýetişseňiz, ýasap ýetişeris :-)
Emma, sahypa bozup keýp almakdan, sahypa ýasap keýp almak,
özüňe-de, köçäňize-de, obaňyza-da, şäheriňize-de,
welaýatyňyza-da, ýurduňyza-da, millete-de, her kime-de
peýdaly. Şeýle dälmi, Döwran. Bu sözler türkmenleriň
birleşip bilýän ýeri bolan klublary bozup ýörenlere-de
degişli.
Meniň birinji sahypam bolan
www.agajan.8m.com
adresi barada aýtsam, bu meniň
öwrenje sahypam, öwrenýän sahypam we ýene-de öwrenjek
sahypamdyr. Edil şeýle okaljak ýa-da gelinjek sahypa boljagyny
bilen bolsam, belki, başga at bererdim.
Sahypaň
esasy maksady Türkmenistandan habarlar bermek we onuň tapawutly ýeri
- oýun görnüşinde, ýöne hakyky habarlar bermekdi. Men bu
ýerde ol oýunly-habarlardan birini-ýarymymyny mysal edip
hem bilerdim, emma diňe habarlaryň sözbaşylaryny aýdaýyn
„Piliň ýadyna Hindistan, türkmenleriň ýadyna
Owganystan düşdi“, „Çernomyrdin ýalňyşdy, türkmenler dyza
çökmedi“, „Hytaýlylardan nämämiz kem“, „Türkmençe bilmeýän
rus bar diýseler geň görme, türkmençe bilmeýän türkmen
bar diýseler geň gör“...
-Habarlaryň şeýle görnüşde
berilmegiňe okyjylar düşünmezler diýip çekinmediñmi?
-Dogrusy
çekinmändirinem. Emma, meni internet dostlarym derrew „ýola saldylar“
:-) Diňe şondan soňra meniň habarlarym aga öwrüldi we „AK
habarlar“ görnüşinde çykyp başlady.
-Asyl habarlar şeýdip AK boldy
diýsene.
-Hawa, ýöne ol dogulanda „garagolrak“ doguldy diýäýmeseň,
uly bir günäsi ýok. Ulaldygyça „akyllanýar“. Emma, ynan-aý,
hiç ulalasym gelenok :-) Ulaldygyňça ýasamalyk başlanýar:
akyllysyran bolmaly, köpbilimsirän bolmaly, seresap hereket edip başlamaly....
Emma, çagalar welin erkin, pikirlerini arkaýyn aýdyp bilýärler,
gizleýän zatlary ýok, ýüregindäkiden başga zat ýok.
Meniň özüm „AK habarlaryň“ bäbejik döwürlerini halaýan.
Häzir ol çagalyk döwrüni geçirip, ulalmaga başlady. Ulaldygyça-da öňküligi
ýok.
-Şu gürrüňini edýän „AK habarlar“ bir
salym parolly boldy. Bu barada-da aýdaýsaňyz.
-Döwran. Özüň barada özüň
gepläp otursaň geň görjekler tapylar. Şu soraga hem jogap bereýin
we beýlekiler barada gürrüňe hem geçeli. Umuman, habarlaryň
berlişinden närazylykdanmy ýa-da habarlaryň berliş stiline düşünmezlikdenmi,
bilmedim, ýöne maňa her hili hatlar gelip başlady. Biri meni Türkmenistany
garalamakda aýyplasa, ýene biri beýleki zatda aýyplaýarlar.
Her kim meni özüniň halaýan reňkine boýamaga başlady.
Gyzyllar meni gyzyllardan hasaplady, Aklar meni aklardan hasaplady, käbiri
bolsa meni hasaba-da almady :-)
Ine, onsaň adamlaryň
kellesini agyrtmaýyn we diňe meni okamak isleýänler meni
okasyn diýen pikir bilen „AK habarlary“ gulplamaly boldy we Gorboçýow
döwrüniň çilim gytçylygynda daýzalaryň podprilawka çilim
satyşlary ýaly isleýänlere „habar“ göýbermeli
boldum. Umuman men parolly meseläni çişiresim gelenok... bolupdyr we geçdigi
bolsun. Gözümizi ýumsagam, gulagymyzy dyksagam, dilimizi dişlesegem daşymyzda
wakalar bolup ýor. Her günümiz habarlardan we wakalardan doly. Wakalary
we habarlary bolsa gawunkellämizde salyp dogry netije çykarmalydyrys. Dörjelemegi
öwrenjek bolmalydyrys.
-Bilşimiz
ýaly türkmen dostlarymyzyň gezelenç merkezi, ýa-da bolmasa
gaýybana
dünýäde dynç alyş merkezi halyna öwrülen türkmen klublary bar. Bu
klublardan biri “Türkmen sesine” sen “2000-nji ýylyň iň
gowy DÖRJELEME” baýragyny mynasyp gördüň. Sen internetdäki türkmen klublary barada başga nähili
pikirde?
-Köp
ýerlerde ýyl jemlänlerinde “iň gowy........-lar” seçilip
saýlanýar we bunuň maksady durmuşa lezzet bermek, iş we dörejilik
adamlarynyň “berekelellasyny” ýetirmek we höweslendirmekdir.
Men klublary halaýan. Esasan-da “Türkmen sesini”. Men bu kluba
internedi tanalym bäri
gelýän we bu klubda entek köp temalary dörjeleşerin. Başga-da gowy
klublar bar, emma klubyň eýesi „Däli Domrulyň“ esasy utýan
ýeri, ol hem klubda türkmen dilinde geplemek şerti. Dostlaryň sähelçe-de
bolsa başga dilde geplejek bolmaklarynyň öňüni almagy „Däli
Domrul“ başarýar. Dilleri garyşdyryp geplemek medeniýet däl-de
her dili arassa we ýerinde geplemek medeniýetmikä diýýärin.
-
Bu ýerde seniñ sungata uly ähmiýet berýänligiñi belläp
bileris. Çünki sungat adamlary her wagt durmyşa lezzet berýän
adamlar!:-) Şu
ýerde “2000-nji
ýylyň iň gowy GYRMYLDY” baýragy barada hem aýtmaly
öýdýän.
-Hawa,
“GYRMYLDY” baýragyny www.turkmenler.com
-a mynasyp gördüm. Näme-de
bolsa, bu sahypa 2000-nji ýylda gyrmyldap bildi. Sahypasynda klub açdy.
Aktual temalary gozgajak ýaly etdi. Sahypanyň eýesi hem,
ussasy hem, okyjylary hem sag bolsunlar!
Men
dostlary höweslendirmek üçin bu baýraklary bermegi dowam etdirjekdirin.
Döwran siz hem „Talyplar“ sahypaňyzy baýraga mynasyp edip taýýarlaweriň
:-)
-Agajan, sen biziň öňümizde kyn iş goýduň, emma seniň
özüň üçin internetde iň kyn bolan işler nähili işler boldy,
internetde hereket eden wagtyň nähili kynçylyklar bilen garşylaşdyň?
-Garşylaşan
kynçylygym iňlis dilini bilmezligim. Emma, ors dilini bilmegim işimi
biraz ýeňilledýär.
-Internet
bilen geçiren wagtyňyzdan ýatlap; wah şuny etsemdim, wah muny hem
etsemdim diýip biläýjegiňiz nämeler bar? Ýagny, puşman
edip bilaýjegiň wagtlary boldumy?
-Internetde
gezeňde, gaty gowy sahypalara duşýarsyň we “Wah-wah”-lamaga
başlaýarsyň. Wah, türkmen dilinde hem şeýle sahypalar
bolsady. Türkmen aga özi barada “Türkmeni dürtmeseň duýmaz”
diýýär. Haçana çenli dürtülip iş etmeli bolarkak? Ýa-da
“Türkmentelekom” dürtülmä garaşýarmyka? Türkmen aga ýene-de
bir söz diýýär:
„Akylly pikir edýänçä, tentek ogluny iki gezek öýerer“.
„Türkmentelekom“ türkmen dilli internet barada pikir edýänçe
onda-munda çeper höwesjeň dostlarymyz käbir üstünlikler gazanyp bilýärler
(özümi hem çeper höwesjeňlere goşýan). Emma, näme-de bolsa
biziň ol edýän sahypalarymyz çeper höwesjeňliginde galýar,
professionallyk az. Ine, çeper höwesjeňligi halamasak hem çeper höwesjeňlik
etmeli bolýar.
-Seniň diýýän çeper höwesjeň sahypalar birleşip,
professional sahypa döredip bilmezlermik-ä?
-Bu barada, ýagny birleşen sahypalar barada biz klubda-da maslahat
edipdik. Her kim goldady, eger birleşip bolsa bu gaty gowy bolar. Birimiz
habarlar üstünde işlesek, birimiz sport, birimiz edebiýat, ýene
birimiz taryh.... umuman her kim oňaryp biljek bölümi boýun alsa,
we onuň üstünde işlese gowy hem-de peýdaly bolardy. Emma, bu
zatlar üçin boş wagt gerekdigini hem unutmaly däl. Boş wagtdan soňra-bolsa
biziň biri-birimizi gowy tanamagymyz hem gerekdir. Zorluk bilen welin hiç
kimi birleşdirip bolmaz. Umuman, bize zorluk etjek hem ýok-la. Gowusy,
birleşmegiň başlangyjy hökmünde biri-birimizi internetde gowy tanaly,
kim näme edip biljekdigini öwreneli, ynanyşaly... Şeýlelik bilen,
biziň isleýän Birleşigimiz ýuwaş-ýuwaşdan, öz-özünden
dörär gider...
-Nesip bolsa, biz birleşip, çeper höwesjeňlikden professionallyga ädim
ädip bileris, häzirlikçe welin, göwnüme bolmasa, biz gürrüňlerimiz
bilen dostlarymyzyň köp wagtyny alýan ýaly...
-Düsündim. Dogrudan hem olaryň
wagtyny almaly. Men sözümi jemläýin.
Biz adamdyrys, ýalňyşyp hem bileris, üstünlik gazanybam bileris.
Olar, Siz we men we beýlekiler hem ýalňyşmakdan azat däldiris.
Meniň pikirimçe, adamyň iň uly ýalňyşy birini gaty
öwmek ýa-da birini gaty döwmek. Geliň aramlyk bolalyň. Az
ýalňyşaly we köp üstünlik gazanaly.
-Söhbetdeşlik üçin sag boluň! Janyňyz sag, keýpiňiz kök,
başyňyz dik, asmanyňyz arassa, görjegiňiz gowulyk, ykbalyňyz
asuda bolsun. Ýene bir gezek gürrüňdeşligiňiz üçün köp
sag boluň, gelip duruň!
Meñ Gözümde AgAjAn
Bir adam barada söz sözlän wagtyñ, oturup oñat oylanmaly bolyar. Çünki, bu içinde yaşap yören dünyämiziñ iñ akylly janlysy bolan ynsan; doymazak, irmezek, yadamazak we diyseñ umytly bolar eken. Bu nukday nazardan bu durmuşy we bu durmuş bilen göreşmekden yadamayan ynsanlary synlan wagtyñ, bu ynsanlar üçin bu dünyäniñ manysy şol irmezekliginde, yadamazaklygynda, doymazaklygynda gizlin bolsa gerek! Gepiñ tümmek yeri ynsan bolmagyn diñe bir ynsanlara mahsus bedenden ybarat däldigini ayan edyärler, bu irmezek ynsanlar. Çünki olar pikirlenmegi, gülmegi, aglamagy bilyärler, iñ esasy bellenmeli zat bolsa, bu bilyän zatlarynyñ bir sebäbiniñ barlygyny bilyänligidir. Ÿagny gülkiniñ haçan we näme üçin sowallaryna säginmezden jogap berip bilyänligidir.
Gürrüñlerimizi kän köpeldip, siziñ içiñize giren iç gysgynç howa boljak bolup oturman, eysem – de bu günki myhmanymyz babatda men hem öz oy - pikirlerimi goşmagy makul bildim. Ynha bu yerde bize beren gürrüñlerinden we biziñ sowallarymyza jogap beriş ukybyndan – da belli bolşy yaly, doymazak, yadamazak, irmezek we umyt bilen öñe dogry yöremegi başaryan Aman agamyz! Ynsanlar doymazak yadamazak diydik, aslyna seredip otursak munuñ hem bir sebäbini tapaysak gerek. Meniñ pikirime görä Aman agamyzyñ doymazaklygy, halal bolmak üçin onuñ bedeninde aylanyan ganyndan bolsa gerek. Ÿagny Aman agamyz, bu durmuş maña köp zat berdi, men durmuşa näme berip bilerin sowalyna jogap gözlemek we munyñ hötdesinden gelmek üçin umyt bilen haydayanlygy sebäplimikä diyyärin.
Hawa, bu durmuş bize köp zat berdi, emma bizden bu durmuş gelip hiç zat islemedi. Ÿöne şu biziñ ruhumyza we kalbymyza siñen ynsanlyk duygymyz durmuşa bir zatlar bermegimiz üçin her wagt üstümize dikilen gazyk bolup duryar. Ynha köpleriñ yakyndan dosty, belki – de köpleriñ iñ yakyn syrdaşy AgAjAn bu gaybana dünyäde uly işler etdi, watandan we ene – atadan uzakdaky birentek garagözlüje türkmen yaşlaryna täze habarlar berip durdy. Köpleriñ gyya bakmalaryna ähmiyet hem bermedi, yene – de biz bilen bolmak isledi, elinden gelenleri bize bermek isledi. Köp dostlaryñ pikirini başka dostlar bilen paylaşmagynda uly yardam eli boldy. Belki Aman agamyz bu yazylan zatlar ynanmaz, çünki başdada belläp geçişimiz yaly onuñ üçin edilen bu işler iş däl, bularyñ hemmesi işjagazlar bolup duryar we netijede - de onuñ doymazaklygyny görmegimize mümkinçilik döreyär.
Diñe bir sahypa däl, dürli temalarda klublarda pikir alyşyp berişyär, wagtal wagtal jedelleşmeler bolyar, belki – de şol jedellerde gatyrak gidyändiris. Umydym göwünlerimizi birek birekden uzaklaşdyrayjak duygular yokdyr.
Gysgaja, ömrümiziñ gymmatly wagtyny diñe gowy zatlar üçin sarp edeliñ. Düşünyän, bu gymmatly wagt her wagt biziñ
bilen birlikde, yöne bu biziñkimikä? Ynha Aman agamyz meñ gözümde bu sowalyñ jogabyny bir kemsiz bilyän bir AgAjAN!
Pursatdan peydalanyp gadyrdan myhmana, beren gyzykly gürrüñlerine çäksiz sag bolsunlarymy aytyan, ülkämiz we ülkämiziñ raydaşlary üçin eden işleri üçin minnetdarlygymy bildirmekden hoşnutlyk duyyaryn, goy mundan soñ hem işleri oñ bolsun, ony durmuş doyurmasyn, durmuş ony aç goyup köp işlemegine, köp zatlar döretmegine yardam etsin... Yöne ony durmuş yaşatmasyn, ol durmuşy yaşasyn...
Biderek geçäýjek
wagt ýaly biderekligiñ ýoklygyny bileliñ! Ynsanlaryñ ünsüni
çekmek üçin dälde, ynsanlaryñ ünsüni çekäýjek durmyşda
ýaşalyñ we bu durmyşa laýyk ynsanlar boljak bolalyñ...
Hormat bilen;
Döwran Meredow
|